26.03 2015
Hasan Ruhani, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň halkyna gün senenamasy boýunça täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýan we biziň halklarymyzyň köpasyrlyk umumy medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
26.03 2015
Ýerewan, 26-njy mart (TDH). Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirilýär. Şu gün bu döredijilik çäresiniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýinde türkmen amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň hem-de neşir önümleriniň sergisi açyldy.
26.03 2015
Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana geldi.
26.03 2015
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertidigini belläp, bu pudaga iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
25.03 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Toni Tan Ken Ýama Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adyndan Singapur Respublikasynyň birinji Premýer-ministri Li Kuan Ýunuň aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.
25.03 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele “A320” raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köp sanly raýatlarynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
25.03 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI “A320” raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köp sanly raýatlarynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
25.03 2015
Ýerewan, 25-nji mart (TDH). Şu gün Ermenistan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy we dostlugy pugtalandyrmaga, esasynda iki halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklary duran däp bolan özara hereketleri ösdürmäge gönükdirilen döredijilik forumynyň ilkinji çäreleri geçirildi.
25.03 2015
Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarowy kabul etdi. Ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.
25.03 2015
Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda açylan Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi döredijilik ylhamynyň hem-de gözelligiň baýramçylygyna öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
1532 sahypa
Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy