Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI “A320” raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köp sanly raýatlarynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.