Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwrebap aragatnaşyk ulgamlarynyň gerimi giňelýär
Jemgyýet
Döwrebap aragatnaşyk ulgamlarynyň gerimi giňelýär
Çap edildi 26.03.2015
1741

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertidigini belläp, bu pudaga iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Internetiň we häzirki haman aragatnaşyk serişdeleriniň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy üçin ähli şerleriň döredilýändigini nygtap, telekommunikasiýalary yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk döwlet kärhanasynda TDH-nyň habarçysyna gürrüň berişleri ýaly, häzirki wagtda Internete ýokary tizlikli girmegi üpjün edýän simsiz aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Hususan-da, şu günler golaýda Aşgabatdaky “Berkarar” söwda merkezinde açylan Wi-Fi formatynyň ulgamyna ulanyjylaryň birikmeginiň mümkinçilikleri artýar. “Berkarar” sebitde söwda meýdançalarynyň we dynç alyş merkezleriniň iri toplumydyr. Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan “Aşgabat” seýilgähiniň çäginde hem ýokary tizlikli Wi-Fi ulgamynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin enjamlary gurnamak boýunça işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu seýilgähiň durky doly täzelendi we döwrebaplaşdyryldy. Türkmen paýtagtynda Wi-Fi ulgamyny döretmek işi geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2014” atly VIII halkara sergisiniň öňüsyrasynda geçirilip başlandy. Şu döwrüň içinde Wi-Fi ulgamy “Ylham” seýilgähini, TMsell öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň operatory bolan “Altyn asyr” kompaniýasynyň merkezi edarasyny, paýtagtymyzdaky demir ýol we halkara awtomobil menzillerini, Aşgabadyň halkara howa menzilini gurşap aldy. Şeýle hyzmatlar dynç alyş merkezleriniň we aragatnaşyk bölümleriniň hem birnäçesinde hödürlenilýär. “Türkmentelekomyň” Wi-Fi ulgamlarynda hasaba alynan ulanyjylaryň sany müňlerçedir. Aragatanşyk kärhanasynda habar berişleri ýaly, ulanyjylar simziz ulgamyň hyzmatyndan 12 müň gezekden gowrak peýdalandylar. Bu sanlar günsaýyn artýar. Paýtagtymyzyň ýokarda agzalyp geçilen söwda merkezi bolsa ulgamdan ulanyjylar üçin iň meşhur ýere öwrüldi. Şol ýerde gije-gündiziň dowamynda birikmeleriň sany durnukly ýüzden geçýär. Ýokary tizlikli Wi-Fi ulgamlaryny kemala getirmek üçin zerur bolan tehnologiki ulgamlary gurnamak boýunça işler ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalarynda we iri desgalarynda hem alnyp barylýar. Şeýle ulgamlar ýurdumyzyň Arçman, Mollagara, Baýramaly ýaly şypahanalarynda we beýleki ýerlerinde hem dörediler. Geljekde türkmen hemrasynyň goýberilmegi, Türkmenistany dünýä bilen baglanyşdyrýan opdiki-süýümli ulgamlaryň çäginiň giňeldilmegi bu ulgamda täze mümkinçilikleri açýar. Bu tagallalar dünýäniň telekommunikasiýalar ulgamyna elýeterliligiň ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berer, Isleg bildirilýän hyzmatlary hödürlemegiň şertlerini gowulandyrmak, olaryň hilini we möçberini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri üpjün eder.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow