Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.03.2015
1233

Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarowy kabul etdi. Ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman wagt tapyp, kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallygyny bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ýakynda bellenip geçilen Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda ýurdumyzyň öňe tarap üstünlikli ilerlemegini tüýs ýürekden arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň özara bähbitlere doly laýyk gelýän ynamly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Milli Liderimiz kompaniýanyň bilelikdäki möhüm taslamalary, ilkinji nobatda, nebitgaz we gurluşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmagyň hasabyna türkmen-rus gatnaşyklaryny berkitmek işine goşýan goşandyny belläp, milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge üns bermek bilen, Türkmenistanyň senagat ulgamynda uly tejribesi bolan we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan dünýä belli kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýändigini belledi. Duşuşygyň barşynda “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi hem-de täze işewür tekliplerini hödürläp, kompaniýanyň geljekde hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine başyny başlan giň gerimli özgertmelerini hem-de maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. I.Makarow hyzmatdaşlyga bildirilýän gyzyklanma we berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, “Iteranyň” geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow