Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Toni Tan Ken Ýama Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adyndan Singapur Respublikasynyň birinji Premýer-ministri Li Kuan Ýunuň aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi. “Li Kuan Ýu görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Singapuryň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi” diýlip, gynanç hatynda aýdylýar. Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Singapuryň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.