Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
Çap edildi 10.10.2026
3183

Hor­mat­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Si­zi hü­när baý­ra­my­ňyz — Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak mu­kad­des we asyl­ly iş­dir. Bu ýö­rel­ge­den ugur alyp, biz ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hem-de döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň bag­ty­ýar, aba­dan we sag­dyn ýa­şaý­şy­ny üp­jün ed­ýä­ris. Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny öňe sür­mä­ge, be­den­ter­bi­ýä­ni we köp­çü­lik­le­ýin spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len taý­ýar­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na gö­rä yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýä­ris. Döw­re­bap has­sa­ha­na­la­ry­dyr sag­lyk mer­kez­le­ri­ni, der­man se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­ny yzy­gi­der­li gu­rup ulan­ma­ga ber­ýä­ris. Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, san­ly ul­ga­my hem-de eme­li aňy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na tap­gyr­la­ýyn or­naş­dyr­mak bi­len, ila­ty­my­zy ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len gur­şa­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we der­man se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem si­ziň hü­när baý­ra­my­ňy­za ga­bat­lap, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, san­ly we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ry­lan Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki, Hal­ka­ra pe­diat­ri­ýa we Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­kez­le­ri­ni, “Arç­man” şy­pa­ha­na­sy­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­ny da­ba­ra­ly açyр ulan­ma­ga ber­ýä­ris. Bu aja­ýyp bi­na­lar­da si­ziň Gip­pok­rat, Klaw­diý Ga­len, And­reas We­za­liý, Lui Pas­ter, Abu Aly ibn Si­na, Se­ýit Ys­ma­ýyl Gür­gen­li, Mu­ham­met Gaý­maz Türk­men, Abu­be­kir Ra­zy, Je­la­led­din Hy­dyr ýa­ly Gün­ba­ta­ryň we Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­dar­la­ry­nyň luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň ösü­şi­ne go­şan ägirt uly go­şant­la­ryn­dan hem-de yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da­ky ýö­rel­ge­le­rin­den, Gahryman Arkadagymyzyň milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek­dä­ki be­ýik baş­lan­gyç­la­ryn­dan we «Bag­ty­ýar­lyk sag­lyk­dan baş­lan­ýar» di­ýen tag­ly­ma­tyn­dan ugur alyp, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da has-da tä­ze be­lent sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ňi­ze berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Dö­wür biz­den alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi has-da kä­mil­leş­dir­me­gi ta­lap ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, luk­man­la­ry taý­ýar­la­mak hem-de ola­ryň hü­nä­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýä­ris. Bu ugur­da Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň bel­li yl­my-kli­ni­ki we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri, öň­de­ba­ry­jy has­sa­ha­na­la­ry, ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze bas­gan­ça­ga çy­kar­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň luk­man­la­ry­nyň we hü­när­men­le­ri­niň dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­le­ri, hal­ka­ra mas­la­hat­la­ra, okuw­la­ra gat­naş­mak­la­ry üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris. Şeý­le­lik­de, gün-gün­den kä­mil­leş­ýän milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hal­ky­my­zyň sag­dyn we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li­ne öw­rül­ýär.

Ga­dyr­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Biz da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­my­zyň mö­hüm ug­ry bo­lan hem-de umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­lent mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dü­rip, döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky yg­ty­bar­ly köp­rü­le­ri gur­ýa­rys. Bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry­myz dün­ýä­de ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga hem-de be­jer­mä­ge, sag­dyn we bag­ty­ýar dur­mu­şy üp­jün et­mä­ge, luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny umu­my bäh­bit­ler üçin ulan­ma­ga esas­lan­ýar.

Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, Ça­ga­lar gaz­na­sy, Ilat gaz­na­sy ýa­ly iri hal­ka­ra guramalar, şeý­le hem Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy yl­my-luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li gi­ňelt­mek ar­ka­ly äh­lu­mu­my sag­ly­gy go­ra­ýyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýar. Yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy esa­syn­da bi­le­lik­dä­ki yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň yn­san sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri­ne gar­şy gö­reş­mek ýa­ly hä­zir­ki döw­rüň örän mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­le­ri öňe sür­ýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan yn­san­per­wer iş­le­ri bi­ziň yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­my­zyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan iň be­lent we nus­ga­lyk ta­ra­py­dyr. Gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na dür­li ýurt­lar­da te­bi­gy ha­dy­sa­lar­dan ejir çe­ken ça­ga­la­ra yn­san­per­wer kö­mek be­ril­ýär, luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri we azyk önüm­le­ri ibe­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ta­rap­da­ry bo­lan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gö­ter­ýär.

Hor­mat­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Si­zi ýur­du­myz­da giň­den bel­len­ýän Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­ly­gy­ny, asu­da we bag­ty­ýar dur­mu­şy, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­ýan ýa­daw­syz iş­le­ri­ňiz­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
top-arrow