Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
Syýasy habarlar
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
Çap edildi 10.10.2026
27

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, raýatlaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwrüň içinde Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Bilşimiz ýaly, düýn Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desganyň açylmagy Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Bina edilýän saglyk merkezleriniň halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna we şahadatnamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
«Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra
top-arrow