24.03
2015
Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasmyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-fin işewürlik maslahatynyň gün tertibiniň esasyny düzdi.
24.03
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurmuhammet Gündogdyýewiç Aýmämedow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
24.03
2015
Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.
22.03
2015
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym,
Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly we doganlyk türkmen halkyny, türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
22.03
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ejesi, hanym Sakine Peýwandiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
22.03
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
22.03
2015
Aşgabat, 22-nji mart /TDH/. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet işgärlerine hem-de bu ulgamyň ýolbaşçylaryna Halkara Nowruz gününi özboluşly milli däplere laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada beren tabşyrygyna jogap edip, ýurdumyzyň sungat ussatlary, suratkeşleri hem-de sazandalary, artistleri we şahyrlary, tansçylary we aýdymçylary bu ajaýyp bahar toýuna mahsus bolan aýratyn gerim bilen döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.
21.03
2015
Ahal welaýaty, 21-nji mart (TDH). Türkmenistanlylar Halkara Nowruz baýramyny ählumumy ruhy galkynyş we şadyýanlyk ýagdaýynda uly gerim bilen bellediler. Şu bahar günlerinde bütin ýurdumyzda bolup geçýän dabaralar gadymy türkmen topragyny gül-läleleriň öwüşgini bilen şuglalandyrdy, ony aýdym-saz, gadymy däpleriň gözelligi bilen baýlaşdyrdy, bagtyýar çagalaryň şadyýan gülkülerini eçildi.
20.03
2015
Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Sizi halklaryň beýik baýramy – Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
20.03
2015
Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.