07.02
2017
Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugy tarapyndan ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 117 göterim berjaý edildi.Ýük daşamakda we hyzmat ediş ulgamynda ösüş depgini 101 göterime deň boldy.
07.02
2017
Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion taýdan ösüşe, milli ykdasadyýetiň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýä bazarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
07.02
2017
Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynda nebit we gaz kondensatyny almak boýunça meýilnama 108 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy.
07.02
2017
Türkmenistanyň oba senagat toplumynda ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň umumy möçberiniň ösüşi 4 göterim üpjün edildi.
06.02
2017
Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynyň uly wekiliýeti iş sapary bilen boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň tabşyrmagy boýunça guralan bu sapar iki goňşy döwletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik hem-de uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan köptaraply hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda nobatdaky ädim boldy.
06.02
2017
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi açyldy. EYR-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkezi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
06.02
2017
Maryda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.
05.02
2017
2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy bolar.
05.02
2017
GDA-nyň synçylary Daşoguz we Lebap welaýatlarynda saýlaw möwsüminiň barşy bilen tanyşdylar. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary GDA-nyň synçylaryna saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler barada habar berip, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin geçirilen okuw maslahatlarynyň hem-de saýlawlaryň maglumat taýdan üpjünçiliginiň üstünde giňişleýin durup geçdiler.
04.02
2017
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi, onda täze Kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.