Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen ekerançylary we maldarlary azyk önümçiligini artdyrýarlar
Ykdysadyýet
Türkmen ekerançylary we maldarlary azyk önümçiligini artdyrýarlar
Çap edildi 07.02.2017
1901

Türkmenistanyň oba senagat toplumynda ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň umumy möçberiniň ösüşi 4 göterim üpjün edildi. Oba we suw hojalygy ministrligi boýunça ösüş depgini 105 göterime, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 104,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,6 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça geçen ýylyň derejesine deň boldy. Unuň, makaron önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök önümleriň öndürilişiniň möçberleri artdy. Maýa goýumlarynyň özleşdirilişi boýunça meýilnama 143 göterim berjaý edildi. 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2016-njy ýylyň netijeleri boýunça has ýokary ösüş ýurdumyzyň oba senagat toplumynda şalynyň öndürilişinde 91 göterim, ýeralmanyň öndürilişinde 31 göterim, bugdaýyň öndürilişinde 14 göterim, bakja önümleriniň öndürilişinde 13 göterim, gök önümleriň öndürilişinde 7 göterim uly ösüş hasaba alyndy. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, sygyrlaryň bas sanyny we öndürijiligini artdyrmak, ilatyň et-süýt hem-de bu pudagyň beýleki önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, iým bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görüldi. Maldarlar we çopanlar üçin degişli şertler döredildi. Şular bilen birlikde, owlak-guzy almak möwsümine taýýarlyk görülýär. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýurdumyzyň ähli hojalyklarynda iri şahly mallaryň baş sany 2,3 milliona, goýunlaryň we geçileriň baş sany 17,7 milliona, düýeleriň sany 126,4 müňe deň boldy. 2016-njy ýylda etiň diri agramdaky önümçiligi 16,24 müň tonna barabar bolup, 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,4 göterim ýokarlandy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow