Baş sahypa
\
\
Maryda saýlawçylaryň dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy
Maryda saýlawçylaryň dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy
Çap edildi 06.02.2017
3401

Maryda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. M.Kemine adyndaky döwlet drama teatryna sebitiň jemgyýetçiliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, dürli edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri ýygnandylar. Dalaşgäriň ynanylan adamy ýygnananlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony iş başarjaň, pähimli ýolbaşçy, dogruçyl we ak ýürekdi adam hökmünde häsiýetlendirdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Duşuşyga gatnaşýanlar bilen mähirli salamlaşyp, D.Orazow olary özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy bölekleri bilen tanyşdyrdy. Ol maksatnama laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, döwletiň ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlaryny pugtalandyrmaga alnan ugry dowam etmekçi bolýar. Dalaşgäriň mälim etmegine görä, ol döwlet Baştutanlygyna saýlanan halatynda parahatçylyk dörediji we işjeň daşary syýasy strategiýany mundan beýläk hem amala aşyrmaga we ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky meýilleri barada aýtmak bilen, D.Orazow obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemegiň, şeýle hem obasenagat toplumynda hususy ulgamyň, şol sanda kiçi we orta kärhanalaryň ähmiýetini ýokarlandyrmagyň onuň maksatnamasynyň strategiki wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Dalaşgäriň pikirine görä, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi gönüden-göni ylym bilen, hususan-da, pagta we bugdaý hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen dünýä ölçeglerine laýyklykda iş alyp barýan ylmy-barlag institutlarynyň işi bilen baglanyşyklydyr. Dalaşgär esasy wezipeleriň hatarynda welaýatlaryň senagat taýdan ösüşini tizleşdirmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagy, ýerlerdäki önümçilik güýçleriniň ýokary netijeli peýdalanylmagyny we senagatyň dürli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy görkezdi. Saýlawçylaryň ýerlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny giňeltmegiň geljegi we täze iş orunlaryny döretmek baradaky sowallaryna jogap berip, D.Orazow öz maksatnamasynyň käbir bölümlerini has-da jikme-jik düşündirdi. Ýygnananlara üns berip diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär Garaşsyz döwletimiziň ösüş ýoly bilen ynamly gadam urýan, gülläp ösýän ýurt hökmünde abraýyny pugtalandyrmak üçin özüniň gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow