Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 04.10.2026
31

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ýetirmäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruzin halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de dostlukly türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gruziýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga, özara ynanyşmaga we birek-biregiň milli bähbitlerine hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Soňky wagtda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, täze derejelere çykarylýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna hem-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Mihail KAWELAŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Alžir bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek hem-de iki dostlukly ýurduň bähbitlerine laýyklykda mundan beýläk-de giňeltmek we täze derejä çykarmak ugrunda bilelikde tagalla etmäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Maldiwler Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mohamed MUIZZU,
Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we türkmen halkyna gutlaglarymyzy beýan edýäris. Bu baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris. Şeýle hem ýurtlarymyzy birleşdirýän dostluk, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Jenap Prezident, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny belleýän şu günlerinde Nikaraguanyň halkynyň Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny kabul etmegiňizi haýyş edýäris.

Daniel ORTEGA we Rosario MURILO,
Nikaragua Respublikasynyň ýolbaşçylary.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda ýurduňyzyň mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny dowam etjekdigine, Türkmenistanyň halkynyň bolsa parahatçylykda we abadançylykda ýaşajakdygyna berk ynanýaryn.

Bangladeş bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Bu şanly waka mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mirza Fahrul Islam ALAMGIR,
Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Bu möhüm milli baýram Türkmenistanyň halky üçin gazanan üstünliklerine nazar aýlamaga we geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýän şatlykly wakadyr. Gambiýa Respublikasy hem bu şatlykly baýramçylyga tüýs ýürekden goşulyp, Türkmenistana mundan beýläk-de parahatçylykda we abadançylykda ösmegi arzuw edýär.

Gambiýa Respublikasy 2012-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Şol geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

Şu möhüm baýramçylyk mynasybetli iki döwletiň arasyndaky dialogyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine we ösdüriljekdigine umyt bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Adama BARROW,
Gambiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Sierra-Leone Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu şanly günde Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Julius Maada BIO,
Sierra-Leone Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Sabah Halid Al-Hamad

AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk hem-de ösüş dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Salman bin Hamad AL HALIFA,
Bahreýn Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly mertebedir. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk dileg edýärin.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de guramany goldamak ugrunda alyp barýan işi üçin hoşallyk bildirýär. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, öz gezeginde, umumy gymmatlyklary öňe sürmek we agza döwletleriň arasynda özara hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda tagallalaryny dowam eder.

Gurama agza döwletleriň halklarynyň arasyndaky raýdaşlygy pugtalandyrmak işine Siziň Alyhezretiňiziň goldaw berjekdigiňize ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Ismail Uld Şeýh AHMED,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistana bolsa abadançylyk we gülläp ösüş dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Turki bin Mohammed bin Fahad bin ABDUL-AZIZ,
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistanyň 1993-nji ýylda biziň guramamyza agza bolan pursadyndan bäri hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan halkara derejede giňden ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, häzirki çalt özgerýän dünýäde aýratyn ähmiýete eýe bolan gymmatlyklary — dialogy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi yzygiderli öňe sürýär.

ÝUNESKO Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet we özara gatnaşyklar ulgamlarynda edýän tagallalaryna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň bu ugurlardaky hyzmatdaşlyga ygrarlylygy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, Parahatçylyk we Bitaraplyk meseleleri boýunça halkara forumyň, şeýle hem bilimde emeli aň boýunça halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmeginde öz beýanyny tapdy. Bularyň hemmesi Siziň ýurduňyzyň halkara dialoga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň aýdyň güwäsidir.

Biziň hyzmatdaşlygymyz bilim ulgamyny özgertmäge, sanly innowasiýalary ilerletmäge, şeýle hem howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmak, suw serişdelerini gorap saklamak we durnukly ösüş ulgamlaryndaky ylmy hyzmatdaşlyga ýardam berýär. Şeýle hem ÝUNESKO Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky baý mirasyna ýokary baha berýär. Ýurduňyzdaky taryhy desgalaryň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy hem-de maddy däl medeni mirasyň on görnüşiniň, şol sanda türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň medeni mirasy gorap saklamak we olary geljekki nesillere ýetirmek işine berk ygrarlydygyny görkezýär.

ÝUNESKO Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär hem-de bu hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, bilimiň, medeni köpdürlüligiň we durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Haled EL-ENANI,
ÝUNESKO-nyň Baş direktory.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

35 ýyl mundan ozal Türkmenistan öz şöhratly taryhynda täze sahypany açdy. Şunuň bilen birlikde, türkmen döwletliliginiň we siwilizasiýasynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän hem-de Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän topraklara uzap gidýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz geljegini özbaşdak kesgitlemäge, nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlaryny we gymmatlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik berdi. Garagum sährasynyň uç-gyraksyz gözelliklerinden başlap, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine we türkmen halyçylyk sungatyna çenli Türkmenistanyň nyşanlary dünýäde tanalýar.

Häzirki zaman taryhynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy öz milli aýratynlygynyň möhüm bölegine hem-de döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we dialogy pugtalandyrmakda goşandyna öwürdi. Munuň özi dünýäniň iň özboluşly paýtagtlarynyň biri we häzirki Türkmenistanyň aýdyň nyşany bolan ak mermerli Aşgabatda hem duýulýar. Maňa bu ajaýyp şäheri öz gözüm bilen görmegiň hem-de türkmen halkynyň meşhur myhmansöýerligini duýmagyň miýesser etjekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu Garaşsyzlyk güni Siz üçin we Türkmenistanyň her bir raýaty üçin uly buýsanç çeşmesi bolsun, geljekki ýyllar bolsa ýurduňyza parahatçylyk, abadançylyk we täze üstünlikleri getirsin!

Men Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Duşuşygymyzyň dowamynda diňe bir ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar barada däl-de, eýsem, biziň halklarymyzy özboluşly edýän taryh we däp-dessurlar hakynda hem pikir alyşmaga mümkinçilik boljakdygyna umyt edýärin. Ara daşdygyna garamazdan, öz taryhyna, medeniýetine hem-de garaşsyzlygyna buýsanýan döwletler hökmünde Moldowany we Türkmenistany köp zatlaryň baglanyşdyrýandygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Wasile TOFAN,
Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretariatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistan syýasy-ykdysady we durmuş ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanyp, halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Bu döwür içinde TÜRKSOÝ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlamak bilen, berk jan saglyk we abadançylyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow