08.02
2017
Paýtagtymyzdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we eýran sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.
08.02
2017
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
08.02
2017
Türkmenistanyň Mejlisi 2016-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda kabul eden karary bilen 2017-nji ýylyň 12-nji fewralyny Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar güni diýip kesgitledi.
07.02
2017
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli ýurduyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.
07.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi.
07.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda boldular, saýlawçylary saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, ilatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatynda garaýyşlaryny beýan etdiler.
07.02
2017
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýerli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramaarynyň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
07.02
2017
Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.
07.02
2017
Milli Oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň welaýatlarynda häzirki günde 800 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş ähmiýetli desgalaryň 62-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 28-siniň gurluşygy alnyp barylýar.
07.02
2017
Ýanwar aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanda bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 17 göterime golaý artdy. Şunda bellenilen çäklerde sarp ediş harytlarynyň hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň bahalary saklandy.