Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýanwar aýynda ulag toplumynda iň oňat meýilnama görkezijileri – Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynda
Ykdysadyýet
Ýanwar aýynda ulag toplumynda iň oňat meýilnama görkezijileri – Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynda
Çap edildi 07.02.2017
2083

Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugy tarapyndan ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 117 göterim berjaý edildi.Ýük daşamakda we hyzmat ediş ulgamynda ösüş depgini 101 göterime deň boldy. Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýolagçy gatnatmakda gazanylan ösüş depgini 100,2 göterim boldy. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşalyşynda 104 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,4 göterime ýetdi. Ýanwar aýynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102 göterimden ybarat boldy. “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy boýunça şu ýylyň birinji aýynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 103 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde, 107 we 103 göterime deň boldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow