04.02
2017
Şu gün paýtagtymyzyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy.
04.02
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
03.02
2017
30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň çäginde, Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň zähmetkeşler topary bilen bolan duşuşygynda Aziada—2017 barada hem aýdyldy. Hususan-da, oýunlaryň resmi nyşanlary barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, olarda türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklary we gadymy taryhy, baý medeniýeti hem-de özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.
03.02
2017
Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek ugry bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar—aýry-aýry döwletler hem-de halkara we sebit guramalary bilen dostlukly, özara ynanyşmak häsiýetindäki gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty bilen baglylykda Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklarda we syýasy gepleşiklerde, köptaraply forumlarda we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşliklerde, möhüm ähmiýetli medeni çärelerde aýdyň beýanyny tapdy.
03.02
2017
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
03.02
2017
Şu gün Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy geçirildi.
03.02
2017
Şu gün Lebap welaýatynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Türkmenistanyň Agrar pariýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy.
03.02
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meýlis Mergenowiç Mergenow Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
02.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
02.02
2017
2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy bolar.