Baş sahypa
\
\
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçilik etmegini dowam edýär
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçilik etmegini dowam edýär
Çap edildi 05.02.2017
3270

GDA-nyň synçylary Daşoguz we Lebap welaýatlarynda saýlaw möwsüminiň barşy bilen tanyşdylar. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary GDA-nyň synçylaryna saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler barada habar berip, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin geçirilen okuw maslahatlarynyň hem-de saýlawlaryň maglumat taýdan üpjünçiliginiň üstünde giňişleýin durup geçdiler. Synçylar toparynyň agzalary saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawy, öňünden ses bermegiň barşy bilen tanyşdylar. GDA-dan bolan synçylar saýlaw uçastoklarynyň tehniki taýdan oňat enjamlaşdyrylandygyny hem-de usulyýet gollanmalary bilen üpjün edilendigini, saýlawlary geçirmäge taýýardygyny belleýärler. Syýasy partiýalardan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärler hödürlenende we bellige alnanda kanunçylygyň berjaý edilişi, şeýle hem alnyp barylýan wagyz ediş möwsümi Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň sebitlerdäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler duşuşyklaryň barşynda saýlaw möwsüminiň hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde alnyp barylýandygyny bellediler. Synçylar toparynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär D.Orazow bilen bolan duşuşygynda bu meselä garaldy. GDA-dan bolan synçylar toparynyň döredilmegi tamamlandy. Azebaýjan Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna, Belarus we Russiýa Birleşiginiň Parlament Ýygnagyna hem-de GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän 73 adam resmi taýdan hasaba alyndy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow