Barak Obama, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Amerikan halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny Täze ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Täze ýylda parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. 2015-nji ýylda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem tutuş dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine umyt baglaýaryn. *** Çon Hanwon, Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Size Täze ýylyň parahatçylyk, sagdynlyk we bagtyýarlyk eçilmegini arzuw edýärin. *** Li Kesýan, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeri: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn! *** Çžan Deszýan, HHR-iň halk wekilleriniň Ählihýtaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň başlygy: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn!