Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo köp sanly adam pidalaryna getiren uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.