Hormatly Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri! Sizi Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş abadançylygyny, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini üpjün etmek boýunça alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriňizde size hemişe üstünlikleri arzuw edýärin! Täze taryhy eýýam bedew bady bilen öňe barýan, gülläp ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň arşa galýan eýýamydyr. Ajaýyp döwürde mukaddes borjy harby kasama laýyklykda ak ýürek bilen ýerine ýetirip, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine goşant goşmak uly bagtdyr, belent mertebedir. Siziň mukaddes borjy hemişe merdana pederlerimiziň watansöýüjilik ýörelgelerine laýyklykda, eziz Watanymyzy goran gerçeklerimiziň mertliginden, edermenliginden nusga alyp dowam etdirjekdigiňize berk ynanýaryn! Merdana harby gullukçylar! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça milli maksatnamalar, içeri we daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary ýokary depginler bilen ösdürilýär, ýurdumyzyň raýatlary abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Bagtyýar durmuş ilatyň beden hem-de ruhy taýdan sagdynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramaga, berkitmäge, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna düýpli taýýarlyk görülýär. Olimpiýa şäherjigini döretmek boýunça iri taslama durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalmagynda Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň goşýan goşandy, bitirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Siz neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreşmek bilen, sagdyn jemgyýetiň berkararlygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýarsyňyz. Häzirki wagtda ýurdumyzda neşekeşlige garşy köpçülikleýin göreş alnyp barylýar. Neşekeşlige ulaşanlaryň ondan doly el çekmekleri, sagdyn durmuşa, päk zähmete dolanyp gelmekleri barada ähli tagallalar edilýär. Neşekeşligiň jemgyýetimizde düýbünden bolmazlygy üçin wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Edermen harby gullukçylar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda ýurdumyzyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy hem mynasyp orny eýeleýär. Gullugyň işiniň döwrüň talabyna laýyk guralmagy üçin, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şahsy düzümiň taýýarlygyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri! Sizi Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilen güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes harby borjuňyzy ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow.