Baş sahypa
\
\
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
Çap edildi 09.02.2015
1177

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljak Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn! Häzirki döwürde Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň we möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan türk işewürleri geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz orunlaryny barha pugtalandyrýarlar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barýarlar. Olar elektrik energetikasy, nebitgaz, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, dokma senagatynda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrdylar we bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk etmeklerini dowam edýärler. Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem iki doganlyk ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berjek möhüm çäreleriň biridir. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, türkmen we türk işewürleriniň söwda gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmakda, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn. Hormatly myhmanlar! Eziz watandaşlar! Bu sergide Türkiýäniň dürli sebitleriniň kompaniýalary we firmalary özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini görkezerler. Olaryň arasynda berkarar Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertlerden peýdalanmagy maksat edinýän täze kompaniýalaryň hem bardygy guwandyryjydyr. Türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uly geljegi bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iki doganlyk döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar ýokary depginler bilen ösýär hem-de hil taýdan täze derejä çykýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalarynyň ýüzlerçesi üstünlikli iş alyp barýarlar. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky özara bähbitli bu işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekde we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürler geňeşiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Hormatly adamlar! Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Sizi gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. Siziň ähliňize jan saglyk, abadançylyk, egsilmez bagt, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow