Baş sahypa
\
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Çap edildi 19.02.2015
1229

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Bu ýere ýygnananlar şu gün bellenilýän ählihalk ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna saglyk, bagt, abadançylyk hem-de ynsanperwerligiň, parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň maksatlaryna beslenen syýasaty durmuşa geçirmek ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Ýaşyl Tugumyz döredilen gününden bäri milli buýsanç, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň mizemez nyşany boldy we şeýle bolmagynda galýar. Garaşsyzlyk we özbaşdak döwlet baradaky arzuwlar beýik üstünliklere beslenen täze taryhy eýýamyň hakykatyna öwrüldi. Şol üstünlikler Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýyny görlüp-eşidilmedik derejä göterdi. Bu ýere ýygnananlar ilatyň ýaşaýyş derejesiniň görnetin ýokarlanmagynyň milli Liderimiziň alyp barýan syýasy ugrunyň ynamlydygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de ýurdumyzyň guramalarynyň we ähli pudaklarynyň kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Döwlet baýdagymyzyň bagtyýarlygyň, parahat durmuşyň we döredijilikli zähmetiň nyşanyna öwrülip, milli ruhuň özboluşly dabaralanmasy bolup durýandygyny nygtady. Häzirki wagtda öz mukaddes tugunyň saýasynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär, şonuň bilen hem üçünji müňýyllykda dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam edýär. Milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan parahatçylyk söýüji, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty netijesinde biziň döwletimiz halkara ähmiýetli onlarça möhüm iri möçberli taslamalaryň başyny başlap we olary üstünlikli durmuşa geçirip, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyz şu günler geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň her bir türkmenistanlynyň ýüreginde mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanç duýgularyny has-da ýokary göterjekdigine ynam bildirip, degişli ýolbaşçylara ajaýyp baýramçylygyň hormatyna ähli halk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de bagtyýarlyk, saglyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow