Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Çap edildi 05.03.2015
2063

Ozal habar berlişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlar geňeşiniň çözgüdine laýyklykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory adyna mynasyp boldy. Bu waka biziň ýurdumyzda uly joşgun bilen garşylandy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiziň adyna köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Olarda döwlet Baştutanymyza şol hormatly adyň dakylmagy milli Liderimiziň türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostlukly doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge ägirt uly goşandynyň, ylym we bilim babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň subutnamasy bolup durýar diýlip bellenilýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň Hormatly doktory adynyň dakylmagy bilen hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy A.Nurberdiýewa gutlady. Milli Liderimize mähirli gutlaglaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow ýolladylar. Hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka bilen Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A. Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M. Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutladylar.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow