Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 22.03.2015
1131

Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym, Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly we doganlyk türkmen halkyny, türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň, jebisligiň we hyzmatdaşlygyň, umumy däplerimiziň we dessurlarymyzyň ajaýyp nyşany bolan Nowruz, her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem ruhubelentlikde we bagtyýarlykda bellenip geçilýär. Nowruz baýramynyň diňe bir ýurtlarymyza we sebitimize däl, eýsem bütin dünýä asudalyk, bagt, parahatçylyk we ösüş getirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk, dostlukly we doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. *** Mohammad Aşraf Gani, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna Nowruz baýramynyň gelip ýetmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglary beýan edýärin. Nowruz—bu biziň halklarymyza ata-babalarymyzdan miras galan ähmiýetli, medeni we ruhy baýramçylyklaryň biri bolup durýar hem-de olaryň ruhy taýdan jebisliginiň beýany we nyşany bolup durýar. Biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem ösjekdigine we giňeljekdigine, parahatçylygyň we durnuklylygyň bolsa biziň ýurtlarymyz üçin kada öwrüljekdigine umyt edýärin. Sözümiň ahyrynda Siziň Alyhezretiňizi Nowruz baýramynyň gelip ýetmegi bilen ýene bir gezek gutlamak hem-de Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňe gitmegi, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow