Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da berkitmek maksadynda jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadrini Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellemek kararyna gelindi. Jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadriniň baý tejribesi we başarjaňlygy bu wezipäni berjaý edende, aýratyn-da Size bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky mähirli arzuwlarymyzy ýetirende, Siziň Alyhezretiňiziň goldawyna we ynamyna eýe boljakdygyny aýtmaga mümkinçilik berýär. Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti