Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Çap edildi 27.04.2015
1195

Ozal habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy. Ýurdumyzyň ilaty bu habary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Türkmen döwletiniň ähli künjeklerinden milli Liderimiziň adyna köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar, olarda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň täze belentliklere çykarylandygy, ýurdumyzda pudagyň düzümini ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini wagyz etmek boýunça iri möçberli çäreleriň amala aşyrylanýdygy bellenilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri Türkmenistanyň Prezidentini şanly waka mynasybetli gutlap, milli Liderimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine öňde goýlan ähli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mundan beýläk-de egsilmez gujur-gaýrat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R. Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa gutladylar. Döwlet Baştutanymyzy şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan A. Nurberdiýewa gutlady. Milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ilatynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar. “Türkmenistanyň halk atşynasy” adynyň dakylmagy mynasybetli milli Liderimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň başlygynyň orunbasary A.Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M.Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we köpsanly beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow