Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 15.05.2015
1181

Serž Sargsýan, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy-- hemmämiz üçin beýik we mukaddes baýramçylyk bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Faşizm bilen bolan göreşde deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezip, häzirki we geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülen adamlar Ermenistanda we Türkmenistanda çuňňur hormat bilen ýatlanylýar. Uruş ýyllarynda halklarymyzyň görkezen dostlugynyň we birek-birege eden goldawynyň mundan beýläk-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýola goýulmagy üçin pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. *** Mahmud Abbas, Palestina döwletiniň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Palestina döwletiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan pugta dostluk gatnaşyklaryna buýsanç duýgulary bilen, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn we Size hem-de tutuş türkmen halkyna gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, berk jan saglyk we bagt baradaky arzuwlarymy kabul ediň.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow