Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Çap edildi 11.06.2015
1609

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan Ylymlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, bu ajaýyp baýramçylyk milli Liderimiz tarapyndan 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Ol 2007-nji ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzyň ylmynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlän we onuň täzeden döremeginiň başyny başlan taryhy mejlisde döwletimiziň täze taryhynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly baýramçylyk bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň esaslarynyň berkidilmegine, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen köpugurly işinde uly üstünlik arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ylym ulgamyndaky giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu pudak döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda esasy orun eýeledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bu ulgamyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, onuň öňünde durýan wajyp wezipeler we maksatlar kesgitlendi. Olaryň üstünlikli çözülmegi bolsa Türkmenistanyň täzeçil we ylmy-tehniki ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmagyny şertlendirdi. Häzirki döwürde ylym edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, ýokary hünärli ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyna, ylym we barlag işleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Aşgabatda döwrebap Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, onda ýurdumyzyň alymlarynyň senagat-täzeçil we maglumat-tehnologiýa ugruna degişli anyk wezipeleri çözmek boýunça netijeli barlag işleri üçin ähli şertleriň döredilmegi ylym ulgamynyň ygtybarly binýadyny kemala getirmek boýunça anyk işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ylmyň we bilimiň derejesiniň islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň, şol sanda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertleriniň biridigini aýtdy. Biz ylmyň ägirt uly ornuny nazara almak bilen, onuň dünýäniň täze ösüş derejesine çykarylmagyny gazanmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de durmuş-ykdysady ösüşe degişli meseleleriň üstünlikli çözülmegi üçin amaly ähmiýeti bolan ylmy-barlag işleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda köptaraply ylmy işi alyp barmak, önümçilige täze işläp taýýarlamalary we täzeçil tehnologiýalary giňden çekmek, ýaş alymlaryň ukybyny açyp görkezmegi üçin ylmy bäsleşikler we halkara forumlary yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň artmagyna, halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara däp boýunça Aşgabatda geçirilýän “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatynyň we baýramçylyk mynasybetli göz öňünde tutulýan beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin bu ýere ýygnananlara ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine we tutuş türkmen halkyna gutlaglaryny aýtdy, olara özygtyýarly Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň belende galmagynda möhüm ähmiýeti bolan ylmy açyşlary, täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow