Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 27.06.2015
1190

Hasan Ruhani, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňizi Beýik Biribaryň bereket eçilýän aýy, rehimdarlyga we parahatçylyga, dostluga we doganlyga çagyryş bolup durýan mukaddes Oraza aýy bilen mähirli gutlaýaryn. Bu rehnetli aýda biziň yslamyň belent ýörelgelerine laýyklykda musulman ymmatynyň arasynda agzybirligiň we rehimdarlygyň berkemeginiň, howpsuzlygyň we rahatlygyň pugtalanmagynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyklary dileg edýärin. *** Iki mukaddesligiň hyzmatkäri, Salman Ben Abdel Aziz Al Saud, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy: Onuň Alyhezreti, meniň doganym Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan iň oňat doganlyk gutlaglarymy we tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn. Bu rowaç aýda Siziň Alyhezretiňize saglyk we bagt, ähli doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny, ähli musulman ymmatyna abadançylyk eçilmegini Beýik Biribardan dileýärin. Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. *** Abdel Fatah Al-Sisi, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Alladan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna rowaçlyk we abadançylyk dileg edýärin.

Soňky habarlar
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow