Türkmenabat, 27-nji iýun /TDH/. Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Mejlisiň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permany bilen 2008-nji ýylda dörediden Medeniýet ulgamynyň hünär baýramçylygy tutuş ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda däp boýunça giňden we dabaraly bellenilýär. Hut şol gün hakykatda taryhy waka bilen gabat geldi, ýagny, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň opera sungatynyň täzeden galkynmagyny alamatlandyryp, “Şasenem we Garyp” sahna eseriniň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Bu ýere ýygnananlar döwlet derejesinde bellenilýän döredijiligiň we zehiniň baýramçylygy bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt we uzak ömür arzuw etdiler hem-de türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy we buýsanjy bolup durýan özboluşly milli medeniýetimizi ösdürmäge gönükdirilen möhüm ileri tutulýan ugra eýe bolan syýasaty alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Milletiň ruhy-medeni gymmatlyklaryny artdyrmak, halkymyzyň baý medeni mirasyny we köpasyrlyk däplerini wagyz etmäge hakykatdan-da uly goşant goşýan döredijilik işgärleri üçin şertleri döretmek boýunça uly möçberli işleriň geçirilmegi, Garşsyz, Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhynyň uly möçberli özgertmeleriniň mynasyp beýan edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge berilýän aýratyn ünse aýdyň şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmegiň strategiýasynyň çäklerinde soňky ýyllarda opera we sirk gaýtadan dikeldildi, milli saz, teatr we kino sungaty özüniň mundan beýläkki ösüşine eýe boldy, täze medengi-dynç alyş we öwreniş häsiýetli tele we radioýaýlymlary döredildi, edebiýata, binagärlige, heýkeltaraşlyga, suratkeşlige, amaly-haşam sungatyna hem-de çeper döredijiligiň beýleki görnüşlerine gyzyklanma örän artdy. Tutuş ýurdumyz boýunça gurlan teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet merkezleriniň hem-de halkymyzyň ruhy durmuşyny has-da baýlaşdyran beýleki medeniýet ojagynyň ähmiýetli desgalarynyň häzirki zaman binalary häzirki Bagtyýarlyk eýýamymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa” diýen täze kitaplary hem Medeniýet we sungat işgärleriniň häzirki gününe ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän möhüm medeni çäreler—döredijilik festiwallary, maslahatlar, sergiler hem-de Medeniýet günleri Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen gyzyklanma bildirilýän medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, dünýäniň dürli halklary bilen dostluk we özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdyň mysal bolup durýar. Bu hepdelik gezekli-gezegine ýurdumyzyň welaýatlarynda guralyp, türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň özboluşlylygyny hem-de köpgörnüşliligini, onuň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we maddy medeniýetiniň desgalaryny, hususan-da, öňki döwürleriň el bilen döredilen gymmatlyklaryna şaýatlyk edýän, häzirki güne çenli saklanyp galan beýik ýadygärlikleri düýpli öwrenmekde we wagyz etmekde uly orun tutýar. Aýdylan hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz öz ýakyn egindeşlerini we ähli türkmen halkyny ajaýyp baýramçylyk bilen mähirli gutlady hem-de medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan strategik ugry bolup galar diýip aýtdy. Döwlet bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hünärli işgärleri ýokary hilli taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, şol sanda döredijilik ugurly bilim beriş edaralarynyň ösen toruny döretmegiň hem-de daşary ýurtlara yzygiderli gulluk iş saparlaryny guramagyň hasabyna ýokarlandyrmaga mundan beýläk-de ilkinji derejeli ähmiýet berer. --Türkmen döwletiniň ösüşiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň medeniýet ulgamy bir tarapdan täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýär, ikinji tarapdan ýurdumyzy demokratik we durmuş ykdysady ösüşiniň ýoly boýunça yzygiderli öňe ilerletmek üçin özünde ägirt uly we täsin özboluşly kuwwaty jemleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Medeniýetiň derejesiniň islendik jemgyýetiň ösüşiniň iň oňat görkezijisi bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz halkyň ruhy isleglerine we onuň barha artýan medeni talaplaryna laýyk gelýän ajaýyp sungat eserlerini döretmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Milli Liderimiz şu günler köpsanly medeni-köpçülik çäreleriniň örän uly üstünlik bilen geçirilýän ýeri bolan Türkmenabat şäherinde häzirki döredijilik baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesini kanagatlanma bilen belläp, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Şol wezipeler häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlaryna we beýik üstünliklerine çeperçilik taýdan akyl ýetirmekden hem-de wagyz etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara we köpsanly döredijilik işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň hakyky gülläp ösmegine hyzmat edýän egsilmez ylham arzuw etdi.