Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Çap edildi 28.06.2015
1259

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary döwletlerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna milli Liderimiziň doglan güni mynasybetli gutlag hatlary we telegrammalar gelýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hatlarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň we taryhy ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty eziz Watanymyz Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiziň tutuş dünýäde abraýynyň artmagyna ýardam edýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa mähirli we tüýs ýürekden gutladylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen A.Nurberdiýewa gutlady. Milli Liderimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow mähirli we tüýs ýürekden gutladylar. Milli Liderimize Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.

Soňky habarlar
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow