Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 28.06.2015
1252

Mohammed VI, Marokkonyň Patyşasy: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagt baradaky arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn. Musulman ymmatynyň belleýän bu mukaddes aýy belent ruhyýetiň nyşany, rehimdarlyga we sabyrlylyga, dine uýmaklyga we ynsanperwerlige çagyrýan hoşniýetli dinimiziň many-mazmunynyň beýany bolup durýar. halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde hemmelere üstünlikleri, agzybirligi, howpsuzlygy we durnuklylygy rowaç eýlemegini, ekstremizmiň we gapma-garşylyklaryň islendik ýüze çykmalarynyň döremezligini Beýik Alladan dileýärin. Size bu mukaddes aýy ýene uzak ýyllaryň dowamynda garşylamagy, türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda geljekde hem täze üstünliklere we ösüşlere guwanmagy arzuw edýärin. *** Mahmud Abbas, Palestina Döwletiniň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Palestina Döwletiniň hem-de halkynyň adyndan we öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary şatlyk bilen beýan edýärin. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagt, türkmen halkyna parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, bolçulyk we asudalyk dileýärin. Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyň we ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen dostlukly we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygymyzy bellemek isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Soňky habarlar
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow