Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 29.06.2015
1220

Wladimir Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin köp işleri amala aşyrýan tejribeli we öňdengörüji syýasatçy hökmünde öz Watanyňyzda we daşary ýurtlarda uly abraý gazandyňyz. Siz biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýarsyňyz. Men aramyzdaky netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Möhüm halkara meselelerini çözmekde rus-türkmen aragatnaşyklaryny, özara arkalaşykly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işlerimiziň dowam etjekdigine umyt edýärin. Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we döwlet işiňizde täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin. *** Almazbek Atambaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Doglan günüňiz mynaysbetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Häzir Türkmenistan Siziň ýolbaşçylygyňyzda halkara giňişliginde döwletiň abraýyny berkitmek bilen durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýar. Biz ýola goýlan dostlukly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berýäris we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siz bilen ýakyn wagtda Bişkekde duşuşmaga umyt etmek bilen, Size berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin. *** Giorgiý Margwelaşwili, Gruziýanyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Şu ýakymly parsatdan peýdalanyp, Siziň döwlet işiňiziň öz halkyňa wepaly gulluk etmegiň mysaly bolup hyzmat edýändigini bellemek isleýärin. Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda döwlet edaralary hemmetaraplaýyn kämilleşdirilýär, Türkmenistanyň halkynyň durnuklylygy we abadançylygy barha pugtalanýar. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek işine goşant şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rusgat ediň. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda has netijeli häsiýete eýe boldy. Gruziýanyň we Türkmenistanyň eýe bolan uly mümkinçilikleriniň geljekde has netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn. Tbiliside boljak duşuşygymyza sabyrsyzlyk bilen garaşyp, özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, häzirki döwrüň wehimleriniň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna, döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenjekdigine ynanýaryn. Jenap Prezident, Sizi gruzin halkynyň adyndan we öz adymdan ýene bir gezek gutlaýaryn hem-de berk jan saglyk, bagt we Türkmenistanyň bähbidine täze üstünlikler arzuw edýärin. *** Petr Poroşenko, Ukrainanyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň. Size berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin. Ýurdy ösdürmegiň toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi—bular gülläp ösýän Türkmenistanyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda gazanan uly üstünligi bolup, dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edildi. . Ukrainada Siziň döwletlerimiziň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara esaslanan ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna berýän ünsüňize ýokary baha berilýär. Ukrainanyň we Türkmenistanyň arasyndaky syýasy gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaglygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn. Şol ugurlar biziň halklarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine özara gyzyklanma döredýär.

Soňky habarlar
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow