14.06
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.06
2018
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Biz Melaniýa bilen amerikan halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň halkyna Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymyzy ýollaýarys.
14.06
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
14.06
2018
Ýurdumyzyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary hem-de içeri syýasatynyň halkara ykrarnamasyna we belent baha mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu waka 13-nji iýunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde bolup geçdi.
14.06
2018
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Tirkişewiç Pollyýew hünär synagynyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň harby prokurory wezipesinden boşadyldy.
14.06
2018
Siziň Alyhezretiňiz,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti
jenap Donald TRAMP,
Doglan günüňiz mynasybetli meniň ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
13.06
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
13.06
2018
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-polkownik Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewi Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellemeli.
13.06
2018
General-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi, Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesine bellemeli.
13.06
2018
Polkownik Şadurdy Amanmuhammedowiç Durdyýewi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň goranmak ministriniň terbiýeçilik, işgärleriň we goşunlaryň taýýarlygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.