Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 11.11.2018
1519

Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba we suw hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, ekerançylykda, pagtaçylykda we meliorasiýada gazanan ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletgeldi Baýrammyradowiç Şahyýewi, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şamyrat Amangeldiýewi, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Sünçe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dörtguly Altaýewi, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Täçmyrat Allaberdiýewiç Berdiýewi, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýram Çaryýewiç Jumanýazowy, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň işçisi Annatuwak Aşyrowna Gurbangeldiýewany, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täçgeldi Sapardurdyýewi, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güýçmyrat Çarymyradowiç Ataýewi, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Gubadag» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Sapargylyç Taganowy, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň bugdaý kärendeçisi Käbegül Ýagmyrowany, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Goşahowly» daýhan birleşiginiň pagta kärendeçisi Sapar Çalyýewiç Ataýewi, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta kärendeçisi Pahraddin Omirbaýewiç Ýuldaşowy, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Hakymbaý Şajanowiç Agaýewi, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň J.Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Nurmurat Allakulyýewiç Temirowy, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serbijan Seýidowany, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «Farap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dilber Şammiýewna Babamyradowany, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulnar Italmazowna Hallyýewany, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň mehanizatory Gaýgysyz Rahimowiç Joraýewi, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamyrat Gurbangeldiýewiç Amanowy, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mämmet Rahymowiç Mämmedowy, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Toýmyrat Gurbandurdyýewiç Öwezgeldiýewi, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serdar Şemmetowiç Myradowy, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şöhrat Agajumaýewiç Zaýyrowy; Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen hormatly ady dakmaly: Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Aşyrmuhammet Öwezowiç Çaryýewe, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Murgap Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň buldozerçisi Amangeldi Begliýewe. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 9-njy noýabry.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow