Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 13.11.2018
1486

Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Hormatly adamlar! Sizi «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara serginiň we ylmy maslahatyň bilim we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek, möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de yzygiderli ösdürmek babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn. Bilim we sport häzirki zaman dünýäsiniň ösüşini kesgitleýän esasy ugurlardyr. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, jemgyýetimiziň sagdynlygyny we ruhubelentligini üpjün etmegiň, hususan-da, adam maýasyny emele getirmegiň esasy şertleri hökmünde bilim hem-de sport ulgamlaryny milli we döwlet maksatnamalarynyň esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany has-da çalt depginler bilen ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Milli bilimiň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny gurýarys. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýadyny tapgyrlaýyn pugtalandyrýarys. Biz öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda milli bilim ulgamynyň sanly düzümlerini hem ösdürýäris. Gysga döwrüň içinde öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň, täze bilimleriň, kompýuter we barlaghana enjamlarynyň okuw işine giňden ornaşdyrylmagy, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalarynyň taýýarlanylmagy, sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly nesilleriň kemala gelmegi biziň gazanýan iň uly üstünliklerimizdir. Bilimiň ösmegi ýurdumyzyň kuwwatlanmagydyr. Gadyrly dostlar! Türkmen halky «Saglyk — beglik» diýen ajaýyp ýörelgeden ugur alýar. Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu asylly ýörelgä eýermek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça uly işleri alyp barýarys. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Gysga döwrüň içinde sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde doly ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek bilen, halklary ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, şu ýyl bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişiň we ylgaw ýaryşlarynyň, şeýle hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, şonuň ýaly-da, Aşgabat şäherinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi biziň ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky gazanan üstünliklerini dünýä äşgär etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamzadyň parahatçylyk söýüjilik taglymatlaryny, dostlugy hem-de hoşniýetliligi hem dabaralandyrdy. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem yzygiderli dowam etdireris. Hormatly adamlar! Biz döwlet syýasatynda bilimleriň möçberiniň hemişe artýandygyna, geriminiň giňelýändigine, sportuň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini rowaçlandyrýandygyna, halklary ýakynlaşdyrýandygyna şaýatlyk edýän halkara tejribäni hem nazara alýarys. Şonuň bilen birlikde, biz bilim we sport babatda dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi biziň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän başlangyçlarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biz bilim we sport babatynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yzygiderli tagallalary ederis. Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Hormatly adamlar! Sizi «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow