Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çap edildi 13.11.2018
1436

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mizemez dostluk, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew netijeli häsiýete eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitlediler we ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Şunlukda, köpugurly hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň hem-de soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň has-da berkidilen kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň täze giň möçberli we iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösüş maksatlaryna kybap gelýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde kuwwatly esas boljakdygyna ynam bildirildi. Türkmenistan bilen Özbegistany häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Gadymy döwürlerde biziň ýurtlarymyzyň çäginden häzirki zamanda täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Munuň özi iki döwletiň sebitara we yklymara ýollarynyň möhüm çatrygynda amatly ýerleşendigini hem-de «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň utgaşdyrylmagyny şertlendirýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň möhüm guralyny işläp taýýarlamakda, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda, maýa goýum işini höweslendirmekde we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Soňky döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhetýaka welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi. Senagat pudagy we oba hojalyk toplumy gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Özbegistanyň biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni gowy tarapdan görkezen oba hojalyk tehnikalarynyň uly tapgyryny satyn almak boýunça şu gün resminama gol çekilendigini belledi. Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Dürli derejedäki medeni hem-de döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär we däp bolan bilim hem-de ylym ulgamyndaky gatnaşyklar ösdürilýär. Sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikler bar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän döwletara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň, ilkinji nobatda bolsa, umumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegi bilen baglanyşykly ugurlar boýunça möhüm wezipeleriň çözgüdine bolan çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda pikirdeşdigi we muňa örän jogapkärli çemeleşýändigi bellenildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Telefon gepleşigi özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow