Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 13.11.2018
1490

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistana bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde täze möhüm sahypany açdy hem-de ol özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we artdyrmaga gulluk edýär. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany gadymy döwürlerden bäri hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrýan dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine we doganlyk halkyna mähirli sözlerini aýtdy. Milli Liderimiz netijeli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, tutuş sebitiň bähbidine kybap gelýän işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ykdysady ulgamdaky däp bolan hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugrudyr. Bu ugurda anyk netijeler gazanyldy. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunlukda, taraplaryň edýän tagallasy köp şahaly ulag-üstaşyr we logistik düzümi döretmekde möhüm şerti emele getirýär. Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy işjeň hyzmatdaşlygyň şunuň ýaly ýokary derejesiniň iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklarynyň netijesidigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar, iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Ürgenç şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Türkmen-özbek dostluk öýi bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýelär. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri iki döwletiň arasynda uzak möhletleýin we pugta dostluk gatnaşyklary esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow