Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Tunisiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Tunisiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 13.11.2018
1303

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Ali Şihiden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlik arzuw etdi. Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Jenap Mohamed Ali Şihi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de jemgyýetiň durmuşynda amala aşyrylýan taslamalar we Mejlisiň düzümi hem-de işi bilen tanyşdyryldy. Tunisiň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň we halklaryň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy nygtaldy. *** Şol gün Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde duşuşyk hem-de paýtagtymyzdaky muzeýlere, Halkara atçylyk sport toplumyna, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmek göz öňünde tutuldy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow