Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 22.09.2026
19

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

RF-niň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny tüýs ýürekden hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz ses berlişigiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Russiýanyň parlamentiniň täze düzümine ýurduň we onuň raýatlarynyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen özara ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Soňky habarlar
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimine gynanç bildirdi
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow