31.01
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, telekeçi fiziki we ýuridik şahslary döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:
30.01
2020
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
30.01
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meselelere seredildi, 2020-nji ýyl üçin bu edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümi tassyklanyldy, wezipelere bellemek we beýleki birnäçe meselelere seredildi.
30.01
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
30.01
2020
Polisiýanyň podpolkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.
30.01
2020
Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine bellemeli.
30.01
2020
Polisiýanyň general-leýtenanty Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
29.01
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça geçen ýylyň güýzünde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
29.01
2020
Size mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde biz konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry barada yglan etdik. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjy öňe sürdük.
29.01
2020
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň altynjy duşuşygy tamamlandy.