Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 11.01.2019
1510

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine buýrujy hem-de baş potratçy hökmünde çykyş etmek bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem olary dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi. Işlere 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we şu tapgyrlara laýyklykda awtomobil ýolunyň hem-de onuň desgalarynyň: Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda; Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda; Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow