Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýaponiýanyň wekiliýetiniň sapary
Syýasy habarlar
Ýaponiýanyň wekiliýetiniň sapary
Çap edildi 22.01.2019
1180

21-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. «Komatsu» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň meselelerine seredildi. Şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň («JBIC») gatnaşmagynda bilelikdäki maýa goýumlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar degişli Teswirnama gol çekdiler. Şeýle hem 2018-nji ýylyň oktýabrynda ýokary derejedäki türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýada saparda bolandygyny we onuň barşynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp geçmelidiris.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow