Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 23.01.2019
1317

Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek we hasaba almak, şeýle hem ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine, Ylymlar akademiýasyna, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, nebitgaz pudagynyň edaralarynyň daşary ykdysady şertnamalary boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz ýataklarynda gazuw we abatlaýyş işlerinde zerur bolan dürli görnüşli buraw turbalarynyň 2 müň 424 tonnasyny satyn almak barada Italiýa Respublikasynyň «ProBusiness S.r.I.» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň bahasynyň tölege degişli galan bölegini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow