08.02
2020
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
08.02
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
07.02
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.
07.02
2020
Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek, şeýle hem şu ýyl çözmeli ileri tutulýan wezipelerimizi kesgitlemek isleýärin.
07.02
2020
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy.
07.02
2020
Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Şamuhammet Durdylyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.