Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky 2196 belgili “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky” Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda
Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler.
Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar.
Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.