Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 26.03.2021
4847

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçirilen seljermeleriň dowamynda şypahanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýy we berilýän ýollamanamalaryň bahalary bilen baglanyşykly meseleler öwrenildi. Geçirilen seljermeleriň netijelerine laýyklykda, ýurdumyzda şypahanalaryň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen birnäçe çäreleri kabul etmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze lukmançylyk edaralarynyň, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugurly binalaryň yzygiderli gurulýandygy bellenildi.

Ýurdumyzyň şypahanalary enjamlaşdyrylyşy we ýola goýulýan hyzmatlar boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezlerinden pes däldir. Şypahana-dynç alyş düzüminiň ösdürilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sagaldyş edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, teklip edilýän çäreleriň ähmiýetini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak hem-de özgertmek boýunça Strategiýany we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny amala aşyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda hasabat berdi. Resminama laýyklykda, ynançly dolandyrmagyň esasynda döwletiň we hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna ministrlikleriň we häkimlikleriň hasabynda durýan birnäçe edaralary hususy taraplara geçirmek hakynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda taýýarlanylan teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birnäçe taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen döwletiň hususy tarap bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridigini belledi. Bu işde ynançly dolandyrmak guraly esasy maliýe ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Bu guralyň netijeli peýdalanylmagy döwletimize serişdeleri tygşytlamaga, ilatly ýerlerde häzirki zaman düzüminiň döredilmegine, telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna, şol bir wagtyň özünde harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny aýdyp, bu barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gazhimiýa toplumyny ösdürmek, şol sanda tebigy hem-de ugurdaş gazy öndürmek boýunça zawodlary gurmak, ylmy taýdan öňdebaryjy gazananlary we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtly ygtybarly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň energetika strategiýasynyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ylmy-tehniki serişdelerini netijeli ulanmaga gönükdirilendigini belledi.

Täze döwrebap nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmegi bu ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Şol önümçilikler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmelidir.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde nebitgaz senagatynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

24-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigi barada habar berildi. Şu günler Daşoguz welaýatynda bu möhüm çärä taýýarlyk görülýär, bu sebitde gowaça ekişine 31-nji martda badalga berler.

Tehniki hyzmat ediş kärhanalary we daýhan birleşikleri ekiş möwsümini bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň bökdençsiz işini önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli çäreler görülýär.

Şu günler gallaçy kärendeçiler agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini dowam edýärler.

Welaýatlarda alymlar we tejribeli hünärmenler ýerli önüm öndürijilere öňdebaryjy ylmy tejribäni peýdalanmak, bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak meseleleri boýunça maslahatlary berýärler. Şeýle hem bu ugurda ylmy-usulyýet gollanmalary taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin meýdan işleriniň depginlerini güýçlendirmek, pagtaçy kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunda oba hojalyk pudagyny üstünlikli ösdürmegiň wajyp şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini kämilleşdirmek, hususan-da, bu ministrligiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek boýunça alnyp barlan çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda binagärlik-şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, sebitleri ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça iri möçberli taslamalar toplumlaýyn amala aşyrylýar.

Wise-premýer Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynyň kämilleşdirilmegi boýunça işleriň möhümdigini belläp, ähli ugurdaş düzümleriň sazlaşykly özara hereketi hem-de möhüm gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler bilen baglylykda, Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugynyň işiniň gurallarynyň düýpli öwrenilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläni ýene bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer ulag-aragatnaşyk toplumynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwlet we hususy gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, içerki bazarlary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 8-9-njy aprelde ýokarda agzalan Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Şeýle hem ulag we aragatnaşyk toplumynyň häzirki zaman düzümini nazara alyp, türkmen telekeçileriniň we önüm öndürijileriniň maýa goýum serişdelerini çekmek arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudak bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilýändigini, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýändigini belledi.

Netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda bilelikdäki taslamalaryň ykdysady bähbitliligi, olaryň durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy möhüm ugur bolup durýar. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli we uzak möhletleýin üstünlikleri gazanmagy üçin has amatly gurallaryň tapylmagy wajypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilen täzeçil usullary giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip hakynda aýdyp, bazar gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda öwrenmegiň, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň talaplaryna yzygiderli seljermeleri geçirmegiň, türkmen telekeçileriniň ulag-aragatnaşyk toplumynda ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri we innowasion usullary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmek hem-de bu ugurda hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde dowam etdirilýändigi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Halkara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen “Ulag hyzmatlary” kärhanasyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslaryny hem-de ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipleriň öwrenilendigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatyndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallalary bilen ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasynyň gurulýandygyny, olaryň Watanymyzyň yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara merkezi hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümlerini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetini belledi.

Ýokary depginde gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň halkara ölçegleriniň ähli talaplaryna doly gabat gelmegi üçin ähli tagallalary etmek zerurdyr, munuň özi Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmegiň degişli düzümlerini döretmegiň zerurdygy barada aýdyp, pudak derejesinde awtomobil ulagynyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz awtomobil ulagynyň tehniki binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk ölçeglerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny aýdyp, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasy barada hasabat berdi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hem-de Bütindünýä saglyk gününiň, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ylmy-amaly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, baýramçylyk konsertlerini, ylym-bilim çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasynyň düýpli öwrenilmeginde hem-de dünýäde giňden wagyz edilmeginde baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna we ilkinji gezek onuň bilen bilelikde geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk işlerine ünsi çekip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurlaryň degişli düzümleriniň döredilmegine hem-de sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen işleriň ähmiýetlidigini belledi. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atşynaslyk ulgamyndaky tohumçylyk işinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we itşynaslyk milli ýörelgelerini ilerletmek hem-de onuň asyrlar aşyp gelýän däplerini geljek nesillere ýetirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliginde mynasyp orun eýelemelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen dabaralary türkmen toýuna mahsus derejede guramaçylykly geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, tutuş ýurdumyzda iri, halkara ölçeglerine kybap gelýän anyklaýyş merkezleri, bejeriş-öňüni alyş edaralary, hassahanalar, şypahanalar, häzirki zaman derman serişdeleri kärhanalary gurulýar.

Adamlaryň saglygyny goramak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Saglygy goraýşy hemmetaraplaýyn ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak we ömür dowamlylygyny artdyrmak, saglygy berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamyny döretmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmek maksatnamanyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Şeýlelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi saglygy goraýşyň kämil we ygtybarly ulgamyny kemala getirmäge, Türkmenistanyň dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki derejesini has-de belende götermäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi we onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Bu möhüm ugruň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygynyň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almagyň, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamagyň, derman üpjünçiliginiň guralyny kämilleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine we ýaramaz endiklerden daşda durmagyna ugrukdyrýan öňüni alyş çärelerine möhüm üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany makullap we degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim toplumlarynda we saglygy goraýyşda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirildi. Olaryň dowamynda möhüm ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garalar.

2-nji aprelde Moskwada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine sebitara we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe resminamalary hödürlär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek bellenildi.

Şeýle hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, Hökümetleriň degişli agzalarynyň, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iri firmalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşyklaryny guramak teklip ediler.

Mundan başga-da atçylyk sungaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleriniň Russiýanyň döwlet sirkiniň we Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk barada ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklarynyň we taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini beýan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bilelikdäki Hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ugurlar, bilim we ylym, medeniýet we sungat ulgamlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň netijeli ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklary ýola goýlan iri sebitler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň möhüm ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede durmuşa geçirilmegini öz içine alýan Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek boýunça wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow