Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 26.03.2021
3095

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda Parlamentara birleşigiň işiniň esasy ugurlaryna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesiniň çäklerinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmagynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, milli kanunçylygy halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna utgaşdyrmakda, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlamentiň eýeleýän orny boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Maslahata gatnaşyjylar 1889-njy ýylda döredilen Parlamentara birleşigiň düzümi, onuň hemişelik komitetleriniň işi, Parlamentara birleşiginiň Assambleýasynyň guramaçylyk işleriniň kadalary we BMG bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi bilen tanyşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zamanyň ýagdaýlarynyň çäklerinde dünýäde parahatçylyga, durnukly ösüşe, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam bermäge gönükdirilen parlament diplomatiýasyny öňe ilerletmek aýratyn ähmiýetlidir. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ählumumy gyzyklanmalara laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.


Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow