Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny geçirmäge taýýar
Jemgyýet
Türkmenistan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny geçirmäge taýýar
Çap edildi 26.03.2021
5195

Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän şu saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler ýolunda ýene bir ähmiýetli waka bolar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH habar berlişi ýaly, 26-njy martda bu möwsümiň möhüm tapgyrlarynyň biri — saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy. Saýlawlara taýýarlyk işleri açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, hereket edýän Saýlaw kodeksine hem-de halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda alnyp baryldy.

Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, jemi 48 mandatyň her biri üçin 2-3 dalaşgär bäsleşer, bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Dalaşgärleriň 26 göterimine golaýynyň zenanlardygyny bellemek gerek, munuň özi ýurdumyzda gender deňligine we aýal-gyzlaryň syýasy işjeňligine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Bellenilen tertibe laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda dalaşgärleriň saýlawçylar — welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen 24 duşuşygy geçirildi. Şunda ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini alyp barmak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi.

Şu gün ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň altysynda doly taýýarlyk yglan edildi, olaryň her biri öňünden saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin zerur derejede enjamlaşdyryldy.

Iki palataly Milli Geňeşiň döredilmegi ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze möhüm tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrar hem-de kanunçykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegine, döwlet häkimiýet edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, jemgyýet durmuşynyň mundan beýläk-de yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam berer.

Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik ederler, olaryň esasy wezipesi saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Umuman, saýlawlar güni — 28-nji martda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna watandaşlarymyzyň hormatyna we ynamyna eýe bolan iň mynasyp adamlaryň saýlanylmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşarlar.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow