Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy we maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 9 — 11-nji iýuny aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary makullanyldy.
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3-4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.