Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 08.06.2021
3022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi.

Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyna salam aýdyp, ýurdumyzyň köp ugurlary öz içine alýan däp bolan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz jenap Jon MakGregory jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň ÝHHG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilendigi we geçirilýändigi şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar. Sebit we dünýä ösüşiniň bar bolan kuwwatyndan, ileri tutulýan wezipelerinden ugur almak bilen, sanly ykdysadyýet, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini rejeli ulanmak, Aral bilen baglanyşykly meseleler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn demokratik özgertmeleri, häzirki ýagdaýlaryň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň esasynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen ÝHHG-niň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem sebitleýin we halkara derejede häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde, şol sanda serhetýaka jenaýatçylyga, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmakda we kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmak, energetika, ulag diplomatiýasy, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek boýunça başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Şu babatda owgan tarapyny çekmek arkaly energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol taslamalaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň, demir ýoluň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bar. Şolar tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etmelidir.

Jenap Jon MakGregor hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine berýän ünsi üçin hoşallyk bildirip hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde ýurdumyzda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, öz tarapyndan birek-birege hormat goýmak we uzak möhletleýin ýörelgeler esasynda guralýan köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow